milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze binalaryň hem-de Awaza şypahana zolagyny ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy
09.08.2019 434 Habarlar

8-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyrdy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen ýetirildi. «Awazanyň» çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan ýörite enjam gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa talaplaryna doly kybap gelýän «Ekowelosiped bekedi» diýip atlandyrylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Soňra milli Liderimiz sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususan-da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Gurulmagy göz öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar, tomusky restoran bar. Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi, bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi. Ol syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.