milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Golf klubyna bardy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Golf klubyna bardy
25.02.2019 611 Habarlar

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubunyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy.

Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň başlygy, wise-premýerler, Aşgabat şäheriniň häkimi we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy garşyladylar.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýew we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew häzirki döwürde paýtagtymyzyň çäklerinde ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň netijeleri, sport ulgamyna degişli täze desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen çäreler, şeýle hem paýtagtymyzyň ýokary ekologiýa derejesini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler. Şeýle hem milli Liderimize ýokarda agzalan ugurlarda ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan durmuşa geçirilýän taslamalar barada habar berildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Golf meýdançasyna baryp, bu ýerde dünýäde meşhur hasaplanylýan sportuň bu görnüşi bilen meşgullandy. Şeýle hem Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary we beýlekiler hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, golf oýnuna meşgul boldular.