milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
11.12.2019 943 Habarlar

10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, dürli maksatly iri desgalaryň birnäçesinde gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Irden milli Liderimiz täze saglygy goraýyş desgasynyň — 130 orunlyk Ýanyk şikeslerini bejeriş Halkara merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Potratçy kompaniýanyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk döwlet Baştutanymyza lukmançylyk toplumynda gurluşyk işleriniň barşy we depgini barada hasabat berdi. Bu ýerde näsaglara ýokary hilli kömek etmek üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy. Milli Liderimiziň garamagyna desganyň binagärlik aýratynlygy, onuň içki meýilleşdirilişi we gurluşy barada doly düşünje almaga mümkinçilik berýän çyzgylar hödürlenildi.

Bu ýerde şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Halkara estetiki bejeriş merkeziniň taslama çyzgylary hödürlenildi. Şol ýerde müşderilere ýokary hilli bejeriş-kosmetologiýa we beýleki degişli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli şertler dörediler.

Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň garamagyna 240 orunlyk köp gatly awtoduralganyň, 700 orunlyk lukmançylyk kollejiniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Okuw-klinika merkeziniň, fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamalary hödürlenildi.

Şu ýerde Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» taslama — gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukato döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabadyň günorta böleginde gurulmagy göz öňünde tutulýan sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny we çyzgysyny hödürledi.

Döwlet Baştutanymyz iş saparyny dowam edip, «Garagum» köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasyndaky we «Nusaý» myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Şol gün iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy, «VINCI» kompaniýalar toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw-Tibo de Silgini hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.