milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
18.12.2019 957 Habarlar

17-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň taslamalary, Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde gurulýan söwda we dynç alyş merkezinde hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirip hem-de Aşgabadyň durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn ähmiýet berip, bu ýerde amala aşyrylýan işleriň halkara ülňülere, şol sanda hil, estetika we ekologiýa babatdaky talaplara laýyk gelmeginiň şolaryň esasy görkezijisi bolup durýandygyny nygtady.