milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady
29.11.2019 801 Habarlar

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Daşkentiň sammitine gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Özbegistan Respublikasynyň resmi adamlary — Premýer-ministri Abdulla Aripow, daşar işler ministri Abzulaziz Kamilow, şeýle hem Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag kerweni howa menzilinden «Kuksaroý» döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly ýurtlaryň Liderleri gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýynyň we wajyp halkara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Saparyň dowamynda netijeli türkmen-özbek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar, şeýle hem milli Liderimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ikinji Konsultatiw duşuşygyna gatnaşar.

***

28-nji noýabrda Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Şolaryň barşynda döwrüň talap edýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy, häzirki wagtda munuň üçin giň mümkinçilikler açylýar. Ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alyp maslahatlaşmalaryň esasyny düzdi.