milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady
22.10.2019 514 Habarlar

21-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ýaponiýa ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe sagatdan soň hormatly Prezidentimiziň uçary Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menzilinde gondy. Milli Liderimize gül desselerini gowşurdylar.

Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Prezidentini Ýaponiýanyň resmi adamlary we Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahalynda türkmen Lideriniň kabulhanasy ýerleşen «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyna ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär, şolaryň barşynda giň ugurlar boýunça döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.