milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitine gatnaşdy
26.10.2019 342 Habarlar

25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşdy.

1961-nji ýylda döredilen bu gurama häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.

Bakuwyň Kongresler merkeziniň uly mejlisler zalynda Goşulyşmazlyk hereketiniň XVIII Sammitiniň geçirildi. Foruma dünýäniň 160-a golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ýokary wezipeli wekiller hem-de iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, G-77 toparynyň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýokary derejeli duşuşygyň gün tertibine häzirki zamanyň howplaryna hem-de wehimlerine bilelikde garşy durmagy, oňyn syýasy gepleşikleri mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy öz içine alýan sebit hem-de ählumumy derejedäki möhüm meseleleriň giň toplumy girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Sammitde çykyş edip, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe şu forumyň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we mähirli garşylandyklary, ysnyşykly hyzmatdaşlyk hem-de netijeli gatnaşyklar ýagdaýynyň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.