milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
21.12.2019 1331 Habarlar

20-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Russiýa Federasiýasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.

Hormatly Prezidentimiziň Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» halkara howa menzilinde resmi adamlar hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni howa menzilinden GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň şu gezekki resmi däl duşuşygynyň geçirilýän ýerine tarap ugrady.

Bu ýerde milli Liderimizi Russiýanyň Lideri Wladimir Putin mähirli garşylady.

Duşuşyga şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.

Özara salamlaşylandan soňra, GDA ýurtlarynyň Baştutanlarynyň çäkli görnüşde resmi däl duşuşygy geçirildi.

Täze ýylyň öňüsyrasynda GDA-nyň Liderleriniň şeýle resmi däl duşuşyklary däbe öwrüldi. Munuň özi ýerine ýetirilen bilelikdäki işiň jemlerini jemlemek, geljek döwür üçin meýilnamalary alyşmak üçin ýene-de bir mümkinçilikdir.