milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow deputatlar düzümi bilen duşuşyk geçirdi
08.02.2019 1469 Habarlar

2019-njy ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde çykyş etdi.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitleri eýelemek bilen, döwletimiziň ýokary depginler bilen ösmegi üpjün etmäge ukyplydygyny bütin dünýä subut etmegi başarandygyny belläp, Mejlisiň deputatlarynyň bu üstünlige saldamly goşant goşandyklaryny we goşýandyklaryny, kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň üstünde tutanýerli işleýändiklerini aýtdy hem-de parlamentarilere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň işine berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi. Bu duşuşykda deputatlar düzüminiň işiniň möhüm ugurlaryna hem-de olaryň öňünde durýan kanunçykaryjylyk wezipelerine garaldy.

Milli Liderimiz duşuşygy jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de möhüm döwlet işinde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň täze üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, milli parlamentiň binasyndan ugrady.