milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabaraly çärelere gatnaşdy
19.05.2019 646 Habarlar

18-nji maý Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi goşa baýram hökmünde dabaralandyrýar. Munuň özi mähriban Watanymyzyň özygtyýarlylygyny, halkymyzyň bozulmaz agzybirligini we bütewiligini aňladýan şanly senelerdir.

Milli senenamadaky belli sene mynasybetli esasy dabaralar paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş döwlet baýdagyna gül goýmak çäreleri boldy.

Dabara Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.