milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy
27.12.2019 3189 Habarlar

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.

Şu günler Baş arça köpsanly çagalaryň, şol sanda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen körpeleriň iň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Okuwda tapawutlanýan okuwçylar, ders olimpiadalarynyň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar paýtagtymyzdaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmak üçin çakylyk aldylar.

Baýramçylyk çykyşlarynda döredijilik ýoluna ýaňy gadam basan zehinli aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çagalaryň şatlykly sesleri bu baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Dabara geçip barýan 2019-njy ýylyň nyşany bolan ýekegapanyň hem-de ýetip gelýän 2020-nji ýylyň nyşany syçanyň keşbini janlandyran çagalaryň hem gatnaşmagy ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Älem» medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Şol ýerde çagalar döredijilik toparlarynyň hem-de sirk we estrada artistleriniň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylyk dabarasy dowam etdi.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz agtyklary bilen bilelikde Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy.