milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna we Olimpiýa şäherjigine bardy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna we Olimpiýa şäherjigine bardy
16.12.2019 1285 Habarlar

14-nji dekabrda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy

Hormatly Prezidentimiz ajaýyp bedewi bilen birsellem gezim etdi we bedewi eýerläp, çapuw ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz bu ýerde bedewi öz erkine goýberdi we ony gorgunyna çapdy.

Döwlet Baştutanymyz atly gezelenji tamamlap, bu ýerden ugrady.

***

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumyna geldi. Bu ýerde milli Liderimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maşklary ýerine ýetirdi.

Milli Liderimiz sport toplumynyň trenažýor zalynda birnäçe sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bolan söhbetdeşlikde sport enjamlarynyň her birini öz ähmiýetine görä peýdalanmagyň hem-de dürs ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Olimpiýa şäherçesinde oturdylan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň sport enjamlary niýetlenen ähmiýetine doly gabat gelýär hem-de adamyň saglygyny berkidýär we bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň işjeňligini ýokarlandyrýar, ýokary netijeli sport bilen meşgullanýanlar üçin bolsa ýurdumyzyň halkara derejede sport abraýyny belende götermekleri üçin ähli şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz sport maşklaryny tamamlap, bu ýerden ugrady.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bolsa maşklary dowam etdiler, toparlara bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşikleri guradylar.