milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy
29.09.2019 2200 Habarlar

28-nji sentýabrda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda şowhunly çäreleriň biri bolan ahalteke bedewleriniň çapyşyklary geçirildi.

Şu baýramçylyk günlerinde Köpetdagyň ajaýyp tebigy künjeginde ýerleşen atçylyk sport toplumyna, asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Baýramçylyk at çapyşyklary dürli aralyklar boýunça 7 çapyşygyň her birinde 12 bedew öz ýyndamlygyny we çalasynlygyny görkezdiler. Tomaşa etmäge gelen adamlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri dartgynly dowam eden özüneçekiji at çapyşyklara uly guwanç bilen syn etdiler.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolup, olara 15 müň amerikan dollary, baş baýraga 30 müň amerikan dollary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.