milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze obanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
09.05.2019 577 Habarlar

8-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde täze, döwrebap obanyň, giň gerimli durmuş-önümçilik toplumynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

Garagumuň merkezinde ýerleşen bu emeli suw desgasy, ekologiýa we halk hojalygy babatda bolşy ýaly, ägirt uly durmuş maksatly ähmiýete eýedir. Uzak möhletleýin netijeli bu taslamanyň hemmetaraplaýyn ähmiýete eýedigini aýratyn bellemeli. Düýbi tutulýan durmuş-önümçilik toplumynyň çäklerinde «ýaşyl» ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berildi.

Bu döwrebap obanyň gurluşyk işleriniň birinji tapgyry 2019 — 2022-nji ýyllarda amala aşyrylyp, ikinji tapgyryna 2022-nji ýylda başlap, ol 2025-nji ýylda doly tamamlanar. Birinji tapgyrda bu ýerde oba geňeşiniň, Polisiýa we ýangyna garşy göreş gulluklarynyň binalary, 260 orunlyk umumybilim berýän orta mekdep, 160 orunlyk çagalar bagy, 200 orunlyk medeniýet öýi, Saglyk merkezi, içerki ýollar hem-de gaz, agyz suwy, lagym we elektrik geçiriji ulgamlar, suw süýjediji desga gurlar.

Şeýle hem kuwwaty 10 MWt bolan utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik stansiýasy, seýilgäh, aragatnaşyk üpjünçiliginiň içerki we daşarky eltiji inžener ulgamlary, ýangyç guýujy beket, balykçylyk hojalygy, azykdyr senagat harytlary dükany bina ediler.

Şonuň ýaly-da, birinji tapgyrda 60 sany bir gatly 4 otagly, 20 sany bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary, ikinji tapgyrda bolsa, 44 sany bir gatly 4 otagly, 88 sany hem bir gatly 3 otagly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Guruljak bu ýaşaýyş jaýlary we beýleki medeni-durmuş hem-de önümçilik maksatly döwrebap desgalar sebitiň howa şertlerine doly laýyk getirilip, bina ediler.