milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda geçirilen dabaralara gatnaşdy
28.04.2019 771 Habarlar

27-nji aprelda Ahalteke atçylyk toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli öwüşginli dabaralar geçirildi. Bu ýerde, asylly däbe görä, aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän şanly senä bagyşlanan esasy wakalaryň öň ýanynda halypa çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerini hem-de atlary çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Baýramçylyk çärelerinde ahalteke bedewleriniň aýratynlygynyň dürli taraplary, türkmen halkynyň durmuşynda, Watanymyzyň taryhynda hem-de milli medeniýetimizde, ruhy dünýäsinde eýeleýän aýratyn orny hem-de tutuş siwilizasiýa üçin ägirt uly ähmiýeti öz beýanyny tapdy.

Dabarada harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp bedew we onuň pasporty gowşuryldy.