milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygyny kabul etdi
10.04.2024 317 Habarlar

Düýn – 9-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwilini kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan gatnaşyklaryň däp bolan dostlukly häsiýete eýedigi kanagatlanma bilen bellenildi. Döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda energetika, senagat, saglygy goraýyş we beýleki pudaklarda gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Şunda ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem esasy ugurlaryň biri hökmünde görkezildi. Türkmenistan bilen Gruziýanyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada-da gürrüň edildi. Şunda halkara hukuk binýadyny döretmekde we ösdürmekde iki ýurduň parlamentarileriniň işjeň gatnaşyklarynyň uly ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gruziýanyň Parlamentiniň Başlygy Şalwa Papuaşwili birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.