milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Dewid Kemerony kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Dewid Kemerony kabul etdi
25.04.2024 276 Habarlar

Düýn – 24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň öz daşary syýasatynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerýändigi we dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygy nygtaldy. Biz daşary ýurtlar bilen dostluk, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak esasynda gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýäris. Ýüze çykýan wehimleriň, gapma-garşylyklaryň çözülmeginde halkara hukugyň we diňe diplomatik gurallaryň ulanylmagyny zerur hasap edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdyp, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň ösüş häsiýetine eýedigini, söwda ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň bilen birlikde, bu ugurda baý tejribesi bolan britan kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemeron birek-birege berk jan saglyk, abadançylyk, ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw etdiler.