milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly wekilleri kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtly wekilleri kabul etdi
25.05.2024 248 Habarlar

Düýn – 24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzodany, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmanlary gadymy türkmen topragynda mähirli mübärekläp, şu gezekki mejlisiň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de öňde boljak duşuşyklaryň halklaryň hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan GDA-nyň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyny hemmetaraplaýyn goldaýar, özara bähbitli gatnaşyklaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Duşuşyklaryň dowamynda ýurtlaryň arasynda köpasyrlyk dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, umumy medeni, taryhy gymmatlyklara esaslanýan, sazlaşykly gatnaşyklaryň ýola goýlandygy  bellenildi. Dostlukly döwletleriň abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.