milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
28.04.2024 197 Habarlar

Düýn – 27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen sazly-horeografik kompozisiýalar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olaryň halkymyzyň bedew atlaryna çäksiz söýgüsini beýan edýän aýdym-sazlarynyň owazy astynda joşgunly tanslar ýerine ýetirildi. Şeýle hem milli baýram mynasybetli gutlag sözleri aýdyldy. Soňra bu ýerde Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde atly sport çykyşlary guraldy.

Atçylyk pudagyny ösdürmek baradaky aladalaryna çäksiz hoşallygyň nyşany hökmünde ahalteke bedewlerini sowgat hökmünde kabul etmek üçin hormatly Prezidentimiz uly hormat bilen syn ediş meýdançasyna çagyryldy. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Edermen atly bedew sowgat berildi.

Soňra bu ýerde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. «2024-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2017-nji ýylda doglan Gadymy atly mele at mynasyp boldy. Şeýle hem atlaryň tebigy özüne çekijiligini, gözelligini sungat eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz bu ýerde Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň alymlaryna, Arkadag şäheriniň atşynaslaryna «akylly» şäherde gurlan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan 120 maşgala niýetlenen täze jaýlaryň açarlaryny sowgat hökmünde gowşurdy.