milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Bangladeş Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Bangladeş Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
26.03.2024 297 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Şahabuddine hem-de ýurduň Premýer-ministri hanym Şeýh Hasina Bangladeş Halk Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Mohammed Şahabuddine we Premýer-ministr hanym Şeýh Hasina tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Bangladeşiň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.