milli goshun logo
Häzirki zaman şäherçeler we nusgalyk derejedäki obalar dörediler
Häzirki zaman şäherçeler we nusgalyk derejedäki obalar dörediler
06.03.2019 2955 Habarlar

Bilşimiz ýaly paýtagtymyzyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda täze etrapça, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň birinji nobatdakysynyň golaýynda şäher görnüşli oba, Lebap welaýatynyň Halaç, Kerki, Saýat we Çärjew etraplarynda täze şäherçeleri gurmak boýunça çözgütler kabul edildi we olar durmuşa geçirilýär.

5-nji martda geçirilen iş maslahatynda milli Liderimiz Daşoguz we Mary welaýatlarynda hem häzirki zaman şäherçelerini, nusgalyk derejedäki obalary döretmek boýunça degişli teklipleri taýýarlamagyň möhümdigine ünsi çekdi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.