milli goshun logo
Hazarýaka döwletleriniň telekeçileriniň duşuşygy
Hazarýaka döwletleriniň telekeçileriniň duşuşygy
12.08.2019 612 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

Hazar sebitinde telekeçiligi kämilleşdirmek we hyzmatdaşlygy täze derejelere ýetirmek babatynda Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistanyň telekeçileri Birinji Hazar ykdysady forumynyň meýilnamasyna laýyklykda duşuşyklary geçirdiler. Meýilnama laýyklykda ikitaraplaýyn duşuşyklar hem göz öňüne tutulan. Olardan türkmen-bolgar tegelek stoly we türkmen-astrahan telekeçilik duşuşyklaryny agzamak bolar.

Telekeçiler Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklaryna we senagatyň ösüşine bagyşlanan forumyň sessiýalaryna has uly gyzyklanma bildirdiler. Forumyň çäklerinde guralan Hazarýaka ýurtlarynyň işewürler toparlarynyň duşuşyklarynda sebitiň ýurtlarynyň telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny berkitmäge ýardam berjek resminamalara gol çekildi.

«Milli goşun».