milli goshun logo
Hazar sebitiniň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hormatyna uly konsert
Hazar sebitiniň ýurtlarynyň halklarynyň dostlugynyň hormatyna uly konsert
13.08.2019 404 Habarlar

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Köp öwüşginli döredijilik baýramy hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Hazar deňziniň gününde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji çäresi boldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, foruma gatnaşan döwletleriň hökümet baştutanlary, köp sanly daşary ýurtly myhmanlar ajaýyp baýramçylygyň hormatly tomaşaçylary boldular.

Forumyň üstünlikli geçirilmegi, onuň çärelerine diňe bir Hazar sebitiniň ýurtlarynyň däl, eýsem, beýleki döwletleriň wekilleriniň hem gatnaşmagy parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde biziň döwletimiziň derejesiniň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.