milli goshun logo
Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çäreler
Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çäreler
09.11.2019 924 Habarlar

8-nji noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Baýramçylyk mynasybetli esasy çäreler «Aşgabat» atçylyk sport toplumynda geçiriler. Bu ýerde paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň döredijilik toparlary, teatrlaryň artistleri çykyş ederler.

Adaty däbe görä, baýramçylyk mynasybetli sergi guralar. Onda ýurdumyzyň tohumçylyk we bakjaçylyk ulgamynda ýeten derejesi, dokma hem-de sowgatlyk önümleri, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri, ýaş suratkeşleriň döreden eserleri görkeziler.

Baýramçylygyň maksatnamasyna çagalar sport toparlarynyň görkezme çykyşlary, milli oýunlar, maldarçylyk we ekerançylyk däpleri bilen tanyşlyk, dürli milli tagamlary taýýarlamak ýaly çäreler girizildi. Şeýle hem dabaraly maslahatlar, mowzuklaýyn döredijilik duşuşyklary, sergiler, beýleki çäreler guralar, sahna eserleri görkeziler.