milli goshun logo
Harby we hukuk goraýjy edaralarda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi
Harby we hukuk goraýjy edaralarda alnyp barylýan işler barada hasabat berildi
25.11.2023 617 Habarlar

      Ozal habar berşimiz ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

        Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary B.Gündogdyýew harby we hukuk goraýjy edaralaryň azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, harby we hukuk goraýjy edaralaryň kömekçi hojalyklarynda oba hojalyk we azyk önümleri, hususan-da, gök, bakja hem-de miwe önümleriniň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Şunuň bilen birlikde, maldarçylyga we guşçulyga, et-süýt önümleriniň öndürilişine uly üns berilýär. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümini azyk önümleri bilen doly üpjün etmäge, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň hem-de işini has-da kämilleşdirmegiň möhüm wezipedigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralaryň ýokary hilli azyk üpjünçiligine berk gözegçilik etmek, Täze ýyl baýramyna hem gowy taýýarlyk görmek barada anyk görkezmeler berildi.