milli goshun logo
Harby türgenler «Wuhan 2019-a» taýýarlanýarlar
Harby türgenler «Wuhan 2019-a» taýýarlanýarlar
03.05.2019 2140 Sport

1948-nji ýylyň 18-nji fewralynda Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherinde düýbi tutulan Halkara harby sport Geňeşi häzirki wagtda halklaryň arasynda sport arkaly raýdaşlygy saklamakda işjeň hereket edýär. Döredilen gününden bäri gerimini barha giňelden Halkara harby sport Geňeşi, Halkara Olimpiýa Geňeşi tarapyndan hem tassyklanýar. 1995-nji ýylda Italiýanyň Rim şäherinde geçirilen ilkinji Bütindünýä harby oýunlaryna 93 ýurtdan türgenler gatnaşyp, sportuň 17 görnüşi boýunça bäsleşýärler. 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen VI Bütindünýä harby oýunlaryna ýörite çakylyk esasynda (heniz agza däl wagty) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden hem harby türgenler gatnaşdy.

2017-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Halkara harby sport Geňeşiniň karargähinde geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň bu Geňeşe resmi taýdan kabul edilmegi baradaky islegini beýan edýän resminama HHSG-niň Baş sekretary polkownik Dora Mambi Koita gowşuryldy. Resminamanyň kabul edilmegi mynasybetli HHSG-niň 2018-nji ýylyň 16-23-nji apreli aralygynda Dominikan Respublikasynyň Punta-Kana şäherinde geçirilen 73-nji Baş Assambleýasynda ýurdumyzyň Döwlet baýdagy galdyrylyp, Döwlet senasy ýaňlandyryldy.

Häzirki wagtda Halkara harby sport Geňeşine ähli yklymlary hasaba alanyňda 140 ýurt agza bolup durýar. Halkara harby sport Geňeşiniň esasy maksady harby gullukçylaryň arasynda özüne bolan ynamy hem-de agzybirligi artdyrmakdan, gaýratly we hyjuwly esgerleri ýetişdirmekden, harby gullugyň abraýyny we özüne çekijiligini ýokarlandyrmakdan, halklaryň arasynda raýdaşlygy artdyrmakdan, harby gullukçylaryň ukyplaryny kesgitlemekden, olary türgenleşdirmekden we höweslendirmekden ybaratdyr.

Halkara harby sport Geňeşiniň 73-nji Assambleýasynyň çäklerinde 2019-njy ýylda VII Bütindünýä harby oýunlaryny Hytaýyň Wuhan şäherinde geçiriljekdigi tassyklanypdy. «Wuhan 2019-da» sportuň 25 görnüşi boýunça Geňeşe agza ýurtlar öz aralarynda bäsleşerler. Umuman, bu sport çäresi Hytaýda geçirilen sport çäreleriniň arasynda 2008-nji ýyldaky Pekin Olimpiadasyndan soň, göwrümi boýunça ikinji orunda durar. Ýaryşlar oktýabr aýynyň 18-27-si aralygynda geçiriler. Bu oýunlara türkmen harby türgenleriniň hem ilkinji gezek Türkmenistanyň resmi taýdan agzalygynda gatnaşjakdygy aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda harby türgenlerimiz bu ýaryşa ýokary depginde taýýarlyk görýärler. Maglumatlara görä, bu ýaryşa ýurdumyzdan 10 sany harby türgeniň sportuň boks, dzýudo we beýleki göreş görnüşlerinden gatnaşmagyna garaşylýar. Nesip bolsa, türgen harby gullukçylarymyzyň bu abraýly ýaryşda üstünlikli çykyş edip, ýeňiş sazynyň astynda ýaşyl Tugumyzy al-asmana pasyrdatjakdyklaryna ynanýarys! Çünki mertler Watany beýgeldýändir!

«Milli goşun».