milli goshun logo
Harby türgenler – Türkmenistanyň milli basketbol ligasynyň ýeňijileri
Harby türgenler – Türkmenistanyň milli basketbol ligasynyň ýeňijileri
18.06.2019 1951 Sport

17-nji iýunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda Türkmenistanyň milli basketbol ligasynyň kubogyna mynasyp bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubunyň basketbolçylarynyň sylaglaýyş dabarasy geçirildi.

Jemleýji oýunda harby türgenler uly ussatlyk görkezip, geçen möwsümiň ýeňijileri – Türkmenistanyň gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Gurluşykçy» basketbol klubynyň türgenlerinden 95:87 hasap bilen üstün çykdylar.

Wajyp bolan ýurt derejesindäki ýaryşda mynasyp ýeňiş gazanan «Merkezi goşun» sport klubunyň basketbol toparynyň türgenleri we tälimçileri gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýaragly Güýçlerimiziň harby türgenlerine sport bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna birnäçe hoşallyk sözleri aýdyldy.

Watanymyzyň mert goragçylary tarapyndan gazanylan üstünligine bagyşlanan dabaranyň ahyry şowhunly aýdym-sazlar bilen utgaşyp gitdi. Pursatdan peýdalanyp, biz hem harby türgenlerimize sport äleminde mundan beýläk üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris!

«Milli goşun».