milli goshun logo
Harby türgenler bäsleşdiler
Harby türgenler bäsleşdiler
26.01.2022 3109 Sport

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli harby gullukçylaryň baýramçylyk ruhuny artdyrmak maksady bilen, dürli sport ýaryşlaryna uly orun berildi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň sport meýdançasynda Gündogaryň başa-baş söweş sungatlarynyň görkezme çykyşlary boýunça sport ýaryşy guraldy. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzüminiň arasynda dowam eden sport ýaryşy bäş tapgyrdan ybarat boldy.

Gaty jisimleri döwmek, Gündogaryň başa-baş söweş sungatlarynyň täsin dürli tilsimlerini ýerine ýetirmek çykyşlaryň esasyny düzdi. Çekeleşikli pursatlara baý bolan ýaryş, oňa höwes bilen gatnaşan harby gullukçylaryň edermenligini, beden taýýarlygynyň näderejede ýokarydygyny, sport ussatlygyny aýan etdi.

Şeýle sport çäreleriniň ýaýbaňlandyrylmagy asudalygyň goragynda sak durýan harby gullukçylaryň hünär baýramynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýändigine ýene bir ýola güwä geçýär.

Diýseň gyzgalaňly dowam eden ýaryşyň netijeleri eminler topary tarapyndan jemlenip, ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlardyr Hormat hatlary gowşuryldy.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».