milli goshun logo
Harby türgenimiz Türkmenistanyň dzýudo boýunça çempiony boldy
Harby türgenimiz Türkmenistanyň dzýudo boýunça çempiony boldy
15.10.2019 1995 Sport

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Daýanç Omirow 2019-njy ýylyň 2–5-nji oktýabr aralygynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Türkmenistanyň dzýudo boýunça çempionatynda 90 kilogram agramlyk derejesinde çykyş edip, birinji orny eýeledi.

Çempionat zehinli türgenleri ýüze çykarmak hem-de olary Ýaponiýanyň Tokio şäherinde 2020-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak maksady bilen geçirildi. Biziň harby türgenimiz ýurdumyzyň dürli welaýatlardan we paýtagtymyzdan gatnaşan bäsdeşlerinden üstün çykyp, Halkara dzýudo federasiýasynyň altyn medalyna mynasyp boldy.

D.Omirow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy bolup, birnäçe gezek uly halkara sport ýaryşlarynda baýrakly ýerleri eýeledi we dürli ýyllarda Türkmenistanyň çempiony adyny gazandy. 2017-nji ýylda ol Türkiýe Respublikasynda geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatynyň kümüş medalynyň eýesi boldy.

Häzirki wagtda harby türgenimiz dzýudo we kuraş boýunça geljekde geçiriljek halkara ýaryşlaryna  hem-de  biziň ýurdumyzda 2020-nji ýylda geçiriljek sambo boýunça dünýä çempionatyna ýokary depginde taýýarlyk görýär.

 «Milli goşun».