milli goshun logo
Harby türgenden kümüş medal
Harby türgenden kümüş medal
13.12.2018 1394 Sport

Sport äleminde belentlikleri nazarlaýan ýurdumyzda dekabryň 11-13-i aralygynda nobatdaky sport ýaryşy – sambo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubyndan hem türgenler gatnaşdy. 90 kilogram agram derejesinde öz başarnygyny görkezen «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy Guwanç Begaliýew hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykmagy başardy. G.Begaliýew sportuň bu görnüşinden başga-da dzýudo, kuraş bilen hem meşgullanýar. Ady agzalan görnüşleriň ikisinden hem 2018-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan harby türgenimiz halkara ýaryşlarynda hem 2016-njy ýylda Aşgabatda sambo boýunça Aziýa çempionatynda 2-nji ýer, Aziada 2017-de kuraş boýunça 3-nji ýer we şu ýyl kuraş boýunça Özbegistanda geçirilen halkara ýaryşynda 3-nji ýer ýaly netijeleri görkezdi.

Harby türgenimize mundan beýläk hem sport äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

 

«Milli goşun»