milli goshun logo
Harby psihologlaryň okuw-usulyýet ýygnanşygy
Harby psihologlaryň okuw-usulyýet ýygnanşygy
13.02.2019 1712 Habarlar

2019-njy ýylyň 8-9-njy fewraly aralygynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň psiholog harby gullukçylary bilen okuw-usulyýet ýygnanyşygyny geçirildi. Okuw-usulyýet ýygnanyşygynyň dowamynda harby psihologlar özleriniň zähmet çekýän harby bölümlerinde 2018-nji okuw ýylda geçiren pisihologiýa işleri we şahsy düzümiň ahlak-psihologik ýagdaýy barada hasabat berdiler. Soňra okuw-usulyýet ýygnanşygyna gatnaşýan harby gullukçylary Kelete meýdan okuw-türgenleşik merkezine gidip, okuw sapaklaryny geçdiler. Okuw-usulyýet ýygnanyşygynda maýor Bahadur Hojamgulyýew, maýor Azat Annaýew ýaly Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň tejribeli harby psihologlary  degişli temalar boýunça sapak berdiler.

Şeýle ýygynlaryň ýygy-ýygydan geçirilmegi goşunyň ahlak-psihologik ýagdaýynyň has-da gowulanmagynda uly ähmiýete eýedir.

«Milli goşun».