milli goshun logo
Harby okuw türgenleşigi barada hasabat berildi
Harby okuw türgenleşigi barada hasabat berildi
09.11.2023 364 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, 8-nji noýabrda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, degişli döwürde görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagyň we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşynyň barşy barada habar berildi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilen bilelikdäki harby okuw türgenleşigi barada hem hasabat berildi. Bu okuw türgenleşigi goşunlaryň ähli kysymlarynyň, «Türkmen edermen» ýörite maksatly güýçleriniň düzüm birlikleriniň harby gullukçylarynyň ýokary hünär derejesini görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinasynda kesgitlenen wezipeleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby okuw türgenleşiginiň üstünlikli geçendigini belläp, Milli goşunymyz üçin ýokary hünär derejeli harby gullukçylary taýýarlamagy, harby gullukçylaryň nazaryýet we söweşjeň taýýarlygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.