Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň öňdengörüjilikli
we parasatly başlangyçlary esasynda döredilen Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk
fakultetinde bilim alýan harby talyplar Ýaragly Güýçlerimiziň harby
hassahanalarynda, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş
gulluklarynda hem-de harby bölümleriň lukmançylyk nokatlarynda goşun täliminde
bolup, harby lukmançylygyň amaly endiklerini kämilleşdirýärler. Goşun täliminde
bolýan harby lukmançylyk fakultetiniň talyplary özleriniň nazaryýetde alan
bilimlerini amaly-önümçilik tejribelerinde berkitmek bilen, ata Watanymyza,
mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, kämil we öz hünär ugurlary
boýunça ussat harby lukmanlar bolup ýetişýärler. Goşun täliminiň esasy maksady,
geljekki harby lukmanlaryň amaly endikleri özbaşdak ele almaklaryndan hem-de
olary çuňňur we doly özleşdirmeklerinden ybaratdyr. Şeýle okuw-önümçilik
tejribelerihünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmagy hem-de dünýäde soňky
gazanylan innowasiýa bejeriş-anyklaýyş tehnologiýalary bilen üpjün edilen
enjamlary takyk ulanmagyň nazary we amaly usullarynyň harby talyplara
öwredilmegini öz içine alýar.
Hakyky şertlerde harby talyplar özleriniň amaly
endiklerini işjeňleşdirmek bilen, goşun täliminde, ýagny harby hassahanalarda,
lukmançylyk nokatlarynda näsagyň ýüz tutýan döwründen başlap, onuň keselini
takyk we döwrebap enjamlary ulanmak arkaly kesgitleýärler. Döwrebap
mümkinçilikleri bolan lukmançylyk nokatlarynda dürli usullar arkaly harby
talyplaryň lukmançylyk tejribeleri geçmekleri, olaryň amaly endiklerini has-da
kämilleşdirýär. Ýene bir aýratyn bellenilmeli zat, ol hem, goşun täliminde
bolýan harby lukmançylyk fakultetiniň harby talyplaryna Ýaragly Güýçlerimiziň
lukmançylyk binýatlarynda zähmet çekýän tejribeli we ýokary taýýarlykly harby
lukmanlaryň halypa hökmünde berkidilmegi, olaryň okuw-önümçiliginde
lukmançylygyň häzirki zaman innowasiýalara esaslanýan tehnologiýalary, döwrebap
lukmançylyk barlaghana enjamlaryny çuňňur özleşdirmeklerine mümkinçilik
döredýär.
Goý, Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki
at-abraýyny belende götermekde, halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde
irginsiz tagallalary edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri
uzak bolsun!
Gadam TEKEÝEW,
Myrat Garryýew
adyndaky
TDLU-nyň harby
lukmançylyk fakultetiniň mugallymy,
lukmançylyk gullugynyň maýory.