milli goshun logo
Harby gullukçylaryň ylmy işleri ylmy institutlar tarapyndan bahalandyrylýar
Harby gullukçylaryň ylmy işleri ylmy institutlar tarapyndan bahalandyrylýar
20.03.2020 2937 Harby Bilim

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary ýurdumyzyň Ýaş alymlarynyň bäsleşigine gatnaşyjylaryň ylmy işlerini bahalandyrýarlar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylary, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplary bar.

«Ynsanperwer ylymlary» ugry boýunça bäsleşige gatnaşýanlaryň biri-de, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň Terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň gumanitar taýýarlyk boýunça hünärmeni, kapitan Şamyrat Kürräýewdir. Ol «Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda Aý we ýyldyz şekilleriniň gadymylygy» atly ylmy işini bäsleşige hödürledi.

Ýaş alym öz işinde arheologiýa, etnografiýa ýaly ylmy we dürli taryhy çeşmelerden, şeýle hem hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda görkezilen maglumatlardan peýdalandy. Harby gullukçy ylmy we taryhy derňew usullaryny ulanyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň bezeginde türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlaryna laýyk gelýän nyşanlaryň ulanylandygyny subut etdi.

Mundan ozal, web-saýtymyzda Ýaş alymlaryň bäsleşigine gatnaşýan harby gullukçylar we harby talyplar barada habar edipdik. Degişli makalany şu sahypamyzda okap bilersiňiz!

«Milli goşun».