milli goshun logo
Harby gullukçylaryň nobatdaky üstünligi
Harby gullukçylaryň nobatdaky üstünligi
04.12.2018 1962 Sport

    Sagdynlygyň Watanyna öwrülen diýarymyzda 2018-nji ýylyň 2-4-nji dekabry aralygynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça Türkmenistanyň kubogyny almak ugrundaky açyk çempionaty geçirildi. Çempionata Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçylary hem gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Ýagny, çagyryş boýunça harby gullukçylar Batyr Hojamuhammedow 100 kg agramda çykyş edip 1-nji orny, Begli Meretgeldiýew 66 kg agramda çykyş edip 2-nji orny, Guwanç Begaliýew 90 kg agramda çykyş edip 3-nji orny eýeledi. Harby türgenlerimize geljekde hem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

«Milli goşun»