milli goshun logo
HARBY GULLUKÇYLAR ÝÜREK JOŞGUNYNY BEÝAN ETDILER
HARBY GULLUKÇYLAR ÝÜREK JOŞGUNYNY BEÝAN ETDILER
23.08.2022 1004 Harby özgertmeler

22-nji awgustda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly hoşallyk maslahaty geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýanyndaky ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Hojalyk müdiriýetiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegine bagyşlandy. Maslahatda çykyş edenler täze toplumyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilleşdirilmegi hakynda aýratyn alada edilýändigini ýene bir ýola subut edýändigini buýsanç bilen nygtadylar. Bu ýerde binagärçilik sungatynyň gazananlary bilen milli ýörelgeleriň utgaşdyrylmagy esasynda gurlan binalarda harby gullukçylaryň mukaddes gulluk borçlaryny maksadalaýyk alyp barmaklary, şonuň bilen bir hatarda ekerançylyk we maldarçylyk boýunça kömekçi hojalyklaryň işlerini ýerine ýetirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilendir. Galyberse-de, çykyşlarda Hojalyk müdiriýetiniň kömekçi hojalyklarynda gök önümleri ösdürip ýetişdirmegiň, maldarçylygy ösdürmegiň ykdysady taýdan bähbitlidigi, bu işleriň azyk bolçulygyny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýaş esgerlerde zähmete bolan söýgini terbiýelemekde-de zerurdygy bellenildi.

Dabara gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň harby gullukçylar bilen söhbetdeş bolmagynyň, olaryň ýaşaýyş-durmuşy, isleg-arzuwlary bilen gyzyklanmagynyň her bir Watan goragçylsy üçin belent mertebedigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Munuň özi ýurdumyzda harby gullukçylar üçin aýratyn alada edilýändigini ýene bir ýola subut edýär.

Hoşallyk maslahatynyň çäklerinde harby gullukçylaryň ýerine ýetirmeklerinde hoş owazlar ýaňlandy. Watançylyk häsiýetli nagmalarda eziz Diýarymyzyň guwandyryjy üstünlikleri, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary belentden wasp edildi.

Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylary hakynda edilýän şeýle uly aladalar üçin Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri ýaňlandy.