milli goshun logo
Halkara zenanlar gününiň şanyna
Halkara zenanlar gününiň şanyna
09.03.2024 367 Habarlar

Düýn – 8-nji martda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ýurdumyzda zähmet çekýän, bilim alýan öňdebaryjy gelin-gyzlar, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymanlary, mähriban eneler, «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar gatnaşdylar.

Dabara edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Ajaýyp aýdymlar, şirin mukamlar, gözel tanslardyr süýji arzuwlar we mähirli gutlaglar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Güllere beslenen sahnada sungat ussatlary türkmen we daşary ýurt dillerinde döredilen aýdymlar bilen zenan gözelligini wasp etdiler. Baýramçylyk şatlyk-şowhuny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Täze ýaşaýşyň buşlukçysy bolup, tebigaty gözelligi bilen özgerdýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde milli ýörelgelerimizi we maşgala mukaddesliklerimizi mynasyp dowam etdirýän enelerimiziň, gözelligi edep-ekrama ýugrulan gelin-gyzlarymyzyň şanyna guralýan aýdym-sazly dabaralaryň olaryň göwünlerini galkyndyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýen sözleriniň belentden dabaralanmasyna öwrüldi.