milli goshun logo
Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara
Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabara
06.03.2019 1773 Harby özgertmeler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolan beýleki milli baýramçylyklarymyz ýaly, Halkara zenanlar güni hem Türkmenistanda milli ýörelgelere laýyklykda giňden bellenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň zenanlaryna döwlet derejesinde hakykatdan-da, uly üns berilýändigini görkezýän subutnamadyr.

Şol nukdaýnazardan Türkmenistanyň Goranmak Ministrliginiň Merkezi Serkerdeler öýünde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde guradylar. Dabarada eziz Watanymyzy gözüniň göreji deýin goraýan harby zenanlara Belent Serkerdebaşymyzyň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Göreldeli zenan harby gullukçylara hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar berildi. Dabarada çykyş eden zenan harby gullukçylar hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň adyna çäksiz alkyşlar aýtdylar hem-de parahat ýurdumyzy mundan beýläk-de sak durup gorajakdyklaryna ynandyrdylar.

«Milli goşun».