milli goshun logo
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti
08.03.2024 429 Habarlar

Düýn – 7-nji martda Türkmenistanda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Watanymyzyň gelin-gyzlaryna bagyşlanan konsert boldy.

Mukamlar köşgündäki baýramçylyk konsertine Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, zähmet weteranlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda zähmet çekýän öňdebaryjylar, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara düzümleriň zenan işgärleri gatnaşdylar.

Ajaýyp baýramçylyk konserti meşhur aýdymçylaryň, teatr artistleriniň, birleşen döredijilik-tans we hor toparlarynyň, şol sanda «Güneş» çagalar horunyň, «Şowhun» çagalar tans toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitaby esasynda goýlan aýdym-sazly edebi kompozisiýa bilen açyldy.

Sungat ussatlarynyň çykyşlarynda parahatçylygyň, abadançylygyň ýurdy bolan Garaşsyz Watanymyza buýsanç beýan edildi. Şowhun bilen badalga alan baýramçylyk konserti meşhur halk we estrada aýdymçylarynyň, aýdym-saz, folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Çykyşlarda ýurdumyzyň mährem zenanlaryna, enelerimize, uýalarymyza, gelin-gyzlarymyza tüýs ýürekden joşgunly gutlaglar beýan edildi.