milli goshun logo
Halkara ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy boldy
Halkara ýaşlar forumynyň açylyş dabarasy boldy
17.11.2023 490 Habarlar

Düýn – 16-njy noýabrda Mary welaýatynyň Mary şäherindäki welaýat kitaphanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly forumynyň açylyş dabarasy boldy.

Halkara foruma gatnaşmak üçin ýurdumyza Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan, Täjigistan, Özbegistan we Gyrgyz Respublikalarynyň ylym, bilim, medeniýet, sungat, parlament ulgamlarynyň ýaş wekilleri, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň Durnukly ösüş maksatlarynyň ilçileri geldiler. Forumyň dabaraly açylyşyna hem-de umumy mejlisine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary, bilim, ýaşlar, medeniýet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Soňra many-mazmunly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly hyzmatdaş döwletler bilen bilelikde gadym döwürlerde Gündogaryň hem Günbataryň medeniýetlerini baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýolunyň täze görnüşde gaýtadan dikeldilmegine işjeň gatnaşýandygyny, şunda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyna uly ornuň degişlidigi nygtaldy.

Jemläp aýdylanda, halkara ýaşlar forumy maslahatlary, duşuşyklary we dürli medeni çäreleri öz içine aldy.