milli goshun logo
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar
Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ýokary ösüş depginine eýe boljakdygyny çaklaýar
13.04.2019 1129 Habarlar

Şu ýylyň 26-njy martyndan 9-njy apreline çenli makroykdysady ösüşe we maliýe ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny, şeýle hem ählumumy ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hanym Natali Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň topary Aşgabatda boldy.

Bu iri düzümiň wekilleriniň nobatdaky saparynyň dowamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, maliýe ulgamynyň we diplomatik bileleşigiň wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda myhmanlar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen tanyşdyryldy.

Halkara pul gaznasynyň wekilleriniň saparynyň jemleri boýunça metbugat sahypasy çap edildi. Onda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda birnäçe ykdysady we maliýe ugurlaryna çaklama bahalary ýerleşdirildi. Şeýlelikde, bilermenleriň pikirine görä, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime barabar bolar. Munuň özi Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň hatarynda iň ýokary, dünýä derejesinde bolsa ýokary görkezijileriň biri bolup durýar.

Halkara pul gaznasynyň toparynyň ýolbaşçysynyň beýannamasynda ýurdumyzyň mundan beýläkki ösüşi üçin tekliplere esaslanylýar.

Halkara pul gaznasynyň yzygiderli geçirýän barlaglary we çaklamalary döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň giň möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşini ynamly dowam edýändigini tassyklaýar.

Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri geçirmekde Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmelere tehniki taýdan goldaw berýär. Halkara pul gaznasynyň toparynyň nobatdaky sapary 2019-njy ýylyň oktýabr aýyna meýilleşdirildi.