milli goshun logo
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar
22.03.2019 1520 Habarlar

21-nji martda ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köp öwüşginli dabaralara beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar.

Şeýle hem baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler ýurdumyzyň sebitleriniň merkezleriniň ählisinde we Aşgabat şäherinde, şol sanda açyk meýdançalarda we seýilgählerde, raýatlarymyzyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde rowaç Watanymyza buýsanç duýgusyny berkidýär.