milli goshun logo
Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy
Halkara matematika olimpiadasynyň açylyş dabarasy
27.03.2024 342 Habarlar

Düýn – 26-njy martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika dersi boýunça halkara olimpiada badalga aldy. Bu mynasybetli Arkadag şäherindäki 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirilen dabara ýokary ruhubelentlige beslendi.

Russiýa Federasiýasyndan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Katar Döwletinden, Azerbaýjan, Belarus, Bolgariýa, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan hem-de ýurdumyzdan bu halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylar halkymyzyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy.

Halkara ders olimpiadasynyň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi gaznanyň işiniň ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, hemmetaraplaýyn bilimli bolmaklaryny, sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegini nazarlaýan ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň nobatdaky beýanydyr.

Dabaranyň ahyrynda halkara olimpiada gatnaşýan okuwçylara üstünlikler arzuw edildi.