milli goshun logo
«Halkara maglumat merkezi» dörediler
«Halkara maglumat merkezi» dörediler
21.09.2019 585 Habarlar

20-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek bilen, Türkmenistanyň halkara maglumat işini ösdürmek, dünýäniň esasy habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň işleýän çäklerini giňeltmek boýunça anyk çäreler görülýär. Milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde döwrebap maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň işjeň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara maglumat merkezini» döretmek maksada laýyk hasaplanylýar, onda degişli ugurda öňdebaryjy gazanylanlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy halkara maglumatlar giňişligine has-da ilerletmek, daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.

Bu ugurda görülýän çäreler täze multimediýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, özara peýdaly tejribäni alyşmaga, şeýle hem dünýä bileleşigini Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmagyna, ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalaryň giňden beýan edilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.