milli goshun logo
Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry
Halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry
23.04.2024 200 Habarlar

Düýn – 22-nji aprelde Arkadag şäherindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleriň giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň nobatdaky tapgyryna deslapky tapgyrda saýlanan bedewler gatnaşdyryldy. Şonda Aşgabat şäherinden hem-de welaýatlarymyzdan gözellikde öňe çykan bedewler, ilki bilen, bezegsiz, ikinji gezekde bolsa şaý-sepler bilen bezelen, halyça bilen eýerlenen görnüşinde meýdança getirildi. Her bir at ady, ýaşy, gelip çykyşynyň maglumatlary, eýesi bilen tanyşdyrylyp, köpçülige görkezildi. Bu atlaryň her biri meşhur nesil ugruny dowam edýär. Behişdi bedewleriň köp sanly janköýerleri arassa ganly ahalteke bedewleriniň nesilleriniň üýtgeşik beden gurluşyna, gözelligine mynasyp baha berdiler.

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň ikinji tapgyrynyň jemi jemlenilende, emin agzalarynyň biragyzdan gelen netijesine görä, ýeňiji bedewleriň atlary yglan edildi. Olar gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşdyrylar.