milli goshun logo
Halkara gatnaşyklary – ösüş, özgeriş, galkynyş
Halkara gatnaşyklary – ösüş, özgeriş, galkynyş
18.10.2023 622 Habarlar

Ozal habar berşimiz ýaly, düýn – 17-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Geçilen menzillere nazar aýlasak, dünýä döwletleriniň arasynda Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ilkinji bolup ýola goýan Hytaý Halk Respublikasy häzirki wagtda ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şu döwre çenli iki döwletiň arasynda hyzmatdaşlygyň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol döwlet Baştutanlarynyň gepleşikleri, türkmen we hytaý işewür toparlarynyň duşuşyklary ýaly dürli ugurlary öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň ýanwar we maý aýlarynda HHR-e amala aşyran saparlary däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine, häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyklykda, täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam bermek bilen, ýokarda aýdylanlaryň aýdyň beýany bolup durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň barşynda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde ýokary derejedäki birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi hem-de resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Olar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirer.

Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.