milli goshun logo
Halkara gatnaşyklar dabaralanýar
Halkara gatnaşyklar dabaralanýar
01.08.2024 252 Habarlar

Düýn – 31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktary kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. 

Duşuşygyň ahyrynda strategik döwletara hyzmatdaşlygyň iki doganlyk ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.