milli goshun logo
Güýzlük bugdaýa ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
Güýzlük bugdaýa ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar
19.05.2019 698 Habarlar

17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi hem-de welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin meýdan işleri barada hasabat berdi.

Şu günler welaýatlarda güýzlük bugdaýa ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Oba hojalyk tehnikalaryny, şol sanda bugdaý orujy kombaýnlary we awtoulaglary orak möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýy ýygnamak, dänäni ammarlara we elewatorlara bökdençsiz hem-de ýitgisiz daşamak, kombaýnlara tehniki taýdan hyzmat etmek we bu möhüm işe gatnaşýanlara durmuş-medeni hyzmaty talabalaýyk guramak meselelerine hem-de babadaýhanlar bilen öz wagtynda hasaplaşyklaryň geçirilmegine ilkinji nobatda üns berilmelidigini belläp, wise-premýere bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.