milli goshun logo
Güýzki at çapyşyklaryna sentýabr aýynyň başynda başlanar
Güýzki at çapyşyklaryna sentýabr aýynyň başynda başlanar
20.08.2019 1262 Sport

Türkmenistanyň Prezidentiniň 19-njy awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýew at çapyşyklarynyň güýzki möwsümini guramak boýunça geçirilýän işler barada habar berdi.

Ýurdumyzda geçirilýän atçylyk sport ýaryşlarynyň halkymyzyň baý atçylyk däplerini has-da ösdürmäge, milli buýsanjymyz bolan, asyrlaryň dowamynda şöhratlanan ahalteke bedewlerimizi bütin dünýäde wagyz etmäge ýardam berýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi. Şu ýyl güýzki at çapyşyklaryny sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde başlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, döwlet Baştutanymyz 7-nji sentýabrda ýetginjekleriň arasynda, 8-ine bolsa çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşlaryň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.