milli goshun logo
Guşakly göreşde üçünji altyn medal
Guşakly göreşde üçünji altyn medal
22.09.2017 1974 Sport

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýän guşakly göreş boýunça ýaryşlarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň hasabyna ýene iki altyn medal goşuldy. Alyş göreşi boýunça 80 kilogram agram derejesinde çykyş eden harby türgen Garmämmet Şamämmedow we 100 kilogramdan ýokary agram derejesinde tutluşan harby türgen Wepa Orazmyradow finalda özleriniň täjigistanly garşydaşlaryndan üstün çykyp altyn medala mynasyp boldular. Oýunlar başlamazyndan birnäçe aý öň «Milli goşun» žurnalyna beren beýanatynda Türkmenistanyň umumy altyn medal sanawyna öz adyny hem ýazdyrmak isleýändigini aýdan leýtenant Orazmyradowyň bu arzuwy hasyl boldy.
Şeýle hem Agyr atletika arenasynda erkekleriň arasynda 85 kilogram agram derejesinde geçirilen ýaryşa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň harby türgeni Daýanç Aşyrow gatnaşyp 4-nji ýere mynasyp boldy. Umumylykda 356 kilogramlyk ştangany göteren Daýanja medal almak üçin 5 kilogram ýetmedi.